Gözle

Türkmen aỳdymlar

Das kleine Wörterbuch

Türkmen Kultur Ojagy

Ynsan haklary 68 ýaşady!

Eleanor Roosevelt

Eleanor Roosevelt

10. Dezember 1948,

Mugandaky taryhy gurultaý we türkmenler

18-nji asyr taryhymyz hakda ylmy seminar

 

Çykyş etjek: Hormatly Ýusuf Kor

Alyp baryjy: Hormatly Tahyr Şirmuhammetli

 

Bu seminarda taryhymyzyň ýene bir sahypasyny öwrenip, 18-nji asyrda Iranda we sebitde bolup geçen wakalar we olaryň halkymyzyň ýaşaýşyna ýetiren täsirleri bilen tanyş bolýarys.

 

Seminaryň geçiriljek

Zamany: Ýekşenbe 11.12.2016, sagat 11:00-15:00

Ýeri: Allerweltshaus, Körner Str. 77, 50823 Köln

 

Görüljek taýýarçylyklar zerarly gelip goşuljagyňyzy Anna güni, 09.12.2016 çenli bize habar bermegiňizi haýyş edýäris!

Email: kontakt@turkmenkultur-ev.de

Handy: 0157 53999435

 

Hormat bilen

Türkmen Kultur Ojagy

Köln, 01.12.2016

 

 

„Unasch“                                   

(Ein Suppenähnliches türkmenisches Gericht - Rezept für 6 Personen)

Zutaten:

- Selbst gemachte Nudeln aus Mehl (bestehend aus Salz, Wasser und Mehl)

- 500g Fleisch (z.B. Rindfleisch, Kalbfleisch, je Belieben)

- 3 mittelgroße Zwiebeln

- In Wasser aufgeweichte Wachtelbohnen (am besten eine Nacht vorher)

- Tomatenmark (2 Esslöffel)

- Salz

- Schwarzer Pfeffer

- Knoblauch

- Je nach Geschmack: Chillipulver

 

Zubereitung:

 

- der selbst gemachten Nudeln:

250g – 300g Mehl mit einem Teelöffel Salz würzen und entsprechend Wasser hinzugeben und das Gemisch zu einem Teig kneten.

Den Teig mit ein wenig Mehl bedecken und ca. 20 Minuten ruhen lassen.

Nach 20 Minuten den Teig nach eigenem Belieben der gewünschten Dicke der Nudeln mit Mehl ausrollen.

Den ausgerollten Teig wiederum auf einer Seite beginnend einmal nach Innen des Teiges einknicken (quasi einfalten), so dass eine Lage auf der anderen liegt. (Hier zu ist zu beachten, dass Sie je nachdem wie weit sie den Knick durchführen, die Länger der später entstehenden Nudeln bestimmen können). Diese erste geknickte Falte ein wenig mit Mehl bedecken und erneut um die gleiche Länge einfalten zur zweiten Falte. Diesen Vorgang wiederholen, bis der gesamte ausgerollte Teig gefaltet vor einem liegt.

Mit einem Messer kann man nun von einer Seite beginnend „die Nudeln“ herausschneiden. Sind die Nudeln bereit, kann man diese zur Seite legen und sich der Zubereitung des Fleisches widmen.

 

- des Fleisches

In einem großen Topf das Fleisch in Öl ein wenig anbraten. (Nach Wunsch kann man das Fleisch auch entsprechend würzen). Nach ca. 5-10 Minuten, dem Fleisch die in Würfeln geschnittenen Zwiebeln hinzugeben und bei ständigem Umrühren alles zusammen weiter braten lassen, bis die Zwiebeln sich golden färben.

Das Tomatenmark in einer Schüssel mit ca.1/3 Wasser der Menge des Tomatenmarks verdünnen und dem Fleisch hinzugeben und ca. 5-10 Minuten weiter braten lassen.

 

-der Kochvorgang

Anschließend das Ganze mit 1,2l – 1,5l Wasser übergießen und hier die vorbereiteten Wachtelbohnen hinzugeben. (Nach belieben Salzen, Pfeffer hinzugeben bzw. würzen). Nun das Ganze ca. 2h Kochen lassen. (Bis die Bohnen und das Fleisch weich gekocht sind)

 

Nach ca. 1.5h überprüfen ob das Fleisch oder die Bohnen weich gekocht sind. Ist dies der Fall, sind die vorbereiteten Nudeln weitestgehend vom Mehl zu befreien und nach und nach der kochenden Suppe und ständigem Rühren hinzuzugeben. Möglichst zeitnah sind hier 2-3 Zähen Knoblauch so klein wie möglich geschnitten mit den Nudeln dem Topf einzuführen.

Alles zusammen schließlich noch ca. 10 Minuten kochen lassen und anschließend heiß servieren. Wir wünschen einen guten Appetit.

 

Minnetdarlyk bildirýäris!

Gadyrdan dostlar,

Türkmen Kultur Ojagynyň guralan gününiň 20 ýyllygynyň şanyna Siziň dünýäň dürli künjeklerinden telefon, e-mail we facebook üstünden ýollan sansyz gutlaglaryňyz bize gelip gowuşdy.

Eger-de Türkmen Kultur Ojagy 20 ýylyň dowamynda gyrmyldap ýekeje gyry hem aşan bolsa, onuň diňe Siziň aýawsyz goldawlaryňyz bilen mümkin bolandygy aýdyň hakykatdyr.

Ak ýürek bilen iberen gutlaglaryňyz we geljek ýolumyza eden päk arzuwlaryňyz üçin uçursyz minnetdarlygymyzy bildirip, Sizi ýene bir gezek 13. Nowemberde, Köln şäheriniň Allerwelthaus jaýynda geçiriljek duşuşygymyza çagyrýarys!

Janyňyz sag we ýoluňyz açyk bolsun!

Hormat bilen

Türkmen Kultur Ojagy

Köln, 06.11.2016

 

Türkmen Kultur Ojagy

bu gün 20 ýaşady!

***** (02.11.1996) *****

Heute ist der Türkmenischer

Kulturverein-e.V. 20 Jahre

alt geworden!

 

 

Bildiriş

Hormatly ildeşler,

1996-njy ýylyň 2-nji Nowemberi Türkmen Kultur Ojagynyň guralan günüdir. Biz bu şanly wakanyň mübärek ýyldönümi günlerinde ojagymyzyň döredilmeginiň 20 ýyllygyny dabaraly belläp geçmegi göz öňüne aldyk.

Bu baýramda kultur ojagynyň 20 ýyllyk geçmiş ýoluna gysga bir serediljekdir. Şunuň bilen baglylykda Sizden eliňizde bolan ojaga degişli gyzykly materiallardan (surat, wideo wşm.) bize bir nusgasyny iberip, ýardam etmegiňizi haýyş edýäris.

Toý meýlisimiz Siziň kultur ojagy bilen baglanyşykly pikirleriňiz, ýatlamalaryňyz we ündewleriňiz bilen etjek çykyşlaryňyza açykdyr.

Toýa geljek ýoluňyza garaşýarys!

Duşuşygymyzyň:

Ýeri: Allerweltshaus, Körner Str. 77, 50823 Köln

Zamany: Ýekşenbe, 13.11.2016, sagat: 11:00- 15:00

 

Hormat bilen

Türkmen Kultur Ojagy

Müdiriýet topary

Köln, 25.09.2016

 

 

Gynanç bildirýäris!

Türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat 11-nji Oktoberda, 71 ýaşynda Swedeniň Stockholm şäherinde aradan çykdy. Biz bu ýitginiň

gynanjyny paýlaşmak bilen, merhumyň galanlaryna sabyr, kuwwat we uzak ömür dileýäris.

 

Ýatan ýeri ýagty bolsun!

Yzy ýarasyn!

 

Türkmen Kultur Ojagy

Köln, 17.10.2016

 

 

Agyly habar

 

Gadyrly we güler ýüzli ýoldaşymyz Abdylla Ýomudynyň hassalyga uçrap, gysga zamanda aradan çykan habaryny gynanç bilen eşitdik.

Biz bu agyr ýitginiň agysyny paýlaşyp, merhumyň bütin galanlaryna sabyr, kuwat we uzak ömür dileýäris!

Ýatan ýeri ýagty bolsun!

Türkmen Kultur Ojagy

02.10.2016

 

 

Obada maňa Aýjemal diýýärler!

Ýol kesip ýören bir galtaman bir gün, öňünden gelen erkegi öldürmäge, aýaly-da alyp gaçmaga özi-özüne söz berýär-de ýola çykýar. Görse öňünden üç piýada gelýän. Olaryň ikisi erkek, biri-de aýal.

Erkekleriň birine: Adyň näme? diýip soraýar. Myrat diýip jogap beren dessine, al Myrat bolsaň diýip ony atýar. Aýaldan adyň näme? diýip soranda ol, adym Aýjemal diýip jogap berýär. Sen bärde dur diýip, beýleki erkegiň adyny soraýar. Ol bolsa: Meň adym Nazar, ýöne obada maňa Aýjemal diýýärler, diýip jogap berýär.

 

„Taryhyň ýapraklarynda Türkmenler“

atly kitabyň Samsyk Nazar bölüminden

Dr. Mehmet Kiliç-1998

 

 

Maşgalalar duşuşygy bag-bossan içinde

 

Gadyrdan egindeşler

biz bu tomus hem çişlik goşumyz bilen al-ýaşyl dona bezenen park içinde duşuşyp, didarlary täzeläp,

güneşli bir güni açyk tebigatda bilelikde bolmagy ýüregimize düwdük.

Siz hem gelip goşulsaňyz duşuşygymyzyň kemi galmaz!

Içiljekleri, kömri we ojaklary TKO-myz üpjün edýär!

 

Duşuşyk zamany: Ýekşenbe, 21.08.2016, Sagat: 13-den ........ 19-a çenli

Ýeri: Blücherpark, Escher Str.50,    50739 Köln

 

Türkmen Kultur Ojagy

Köln, 20.07.2016

 

Gutlag

Göteborg Türkmen Kultur Ojagynyň

hormatly agzalary we müdiriýet topary

Tomus baýramyna degişli iberen çakylyk hatyňyzy begenç bilen aldyk.

Şadyýan wagtyňyzy biziň bilen paýlaşmagy niýet edip çagyranyňyz üçin çäksiz minnetdarlygymyzy bildirip, gujak açan ýaz-tomus tebigatynyň ummasyz gözelliginde geçiriljek duşuşygyňyzyň şowhunly we unudylmaz bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Biz bu baýrama goşulyp bilmesek-de tutunan medeni maksatlarymyza tarap zerur bolan aýgytly ädimleri bilelikde götermelidigimize doly ynanýarys.

Janyňyz sag we işleriňiz rowaç bolsun!

Hormat bilen

Türkmen Kultur Ojagy- e.V.

Müdiriýet topary

Köln-19.06.2016